Kömek

Ýygy-ýygydan berilýän soraglar

Siz bu ýerde ýygy-ýygydan berilýän soraglara: harytlar barada, dükan barada, eltip bermek hyzmaty, töleg usullary, aksiýalar barada jogap tapyp bilersiňiz.





Nädip zakaz etmeli?

Biziň internet dükanymyzdan haryt satyn almak gaty aňsat!

1. Katalogdan ýa-da gözlegiň üsti bilen haryt saýlaň.
2. Harydyň sanyny görkezip "Sebede goş" düwmesini basyň we saýlan harydyňyzy sebede goşuň. 
3. Zakazy resmileşdirmek: resmileşdirmegiň usulyny saýlaň, oýjükleri dolduryň, töleg we eltip bermek hyzmatynyň usulyny saýlaň. Telefon we elektron salgyňyzy üns bilen ýalňyşsyz ýazyň, sebäbi siz bilen jaňlaşmak we zakazyňyz bara maglumatlary ugratmak üçin gerek.
4. Zakazyňyzy dükanymyzdan ýa-da islän salgyňyzda kabul edip bilersiňiz.

Sebetden nähili peýdalanmaly?

Biziň sygymly sebedimiz dükanda söwda etmäge uly kömek eder. Sebet başyndan boş bolýar. Gerekli bolan harydy sebede goşmak üçin "Sebede goş düwmesini basmaly, şol mahaly haryt sebede goşulýar we söwdany dowam edibermeli.

Sebede iki görnüşde görüp bolýar:
1. Çalt görmek (mini sebet)

Bu ýerde sebede goşulan harytlaryň sanawuny görüp bolýar we gerekmejek harytlary aýyryp bolýar. Bulardan başgada "Sebet" we "Zakazy resmileşdirmek" sahypasyna geçmek üçin düwmeler hem bar.

2. "Sebet" sahypasy

"Sebet" sahypasyndaky mümkinçilikler:

- harydyň sanyny üýtgetmek
- harydy aýyrmak 
- zakazyň jemi summasyny görmek
- aksiýa kuponyndan peýdalanmak
- sowgatlyk sertifikatyndan peýdalanmak
- "Zakazy resmileşdirmek" sahypasyna geçmek üçin düwme

Nädip zakazy resmileşdirmeli?

Biziň internet dükanymyzda zakazy resmileşdirmegiň 3 usuly bar:

1. Registrasiýasyz resmileşdirmek
Bu usulda az maglumatlar doldurylýar, salgyňyzy, eltip bermek usulyny we töleg usulyny saýlap, menejerimiziň jaňyna garaşaýmak galýar. Bu görnüşiň gowy däl ýeri siz her gezek zakaz edeniňizde täzeden anketa doldurmaly bolýarsyňyz. Şonuň üçin indiki usuldan peýdalanmagy maslahat berýäris.



2. Täze müşderi (Registrasiýa) (Maslahat berýäris)
Bu usulda öz maglumatlaryňyzy dolduryp biziň hemişelik müşderimiz bolup galýarsyňyz. Bu usulyň iň gowy ýeri her gezek zakaz edeniňizde öýjükleri doldurmak gerek däl, olar eýýäm doldurylan ýagdaýynda durýar. Mundan başgada registrirlenen müşderi zakazy yzarlap, ýagdaýyny görüp hem-de email salgyňyza dükanyň täzeliklerinden, aksiýalaryndan habarly bolup durýar.



3. Registrirlenen müşderi
Registrirlenen müşderilere diňe E-mail salgysyny we parolyny ýazaýmaly we eltip bermek hem-de töleg usulyny saýlap zakaz edäýmeli.



Nädip telefon hasabyndan zakazy tölemeli?

Täze töleg usulyň kömegi bilen zakazy çalt we aňsat töläp bolýar. Bu usuly ulanmak üçin Töleg usuly saýlamak bölümden "Telefon hasabyndan tölemek" usulyny saýlamalydyr.


Üns beriň! Töleg geçireniňizde registrasiýada görkezen belgiňizden geçiriň!
Eger başga belgiden geçirmek isleseňiz, kommentariýa öýjügüne täze belgini ýazyp ugradyň!


Nädip töleg geçirmeli?

Töleg geçirmek üçin ýönekeý operatoryň başga belgä pul ugratmak hyzmatyndan peýdalanaýmaly. Biziň hasa pbelgimize zakazyň jemi summasyny geçirmelisiňiz. Töleg TMCELL we MTS TM operatorlaryndan kabul edýäris.

TMCELL operatoryndan tölemek:
Öz hasabyňyzdan bizin hasap belgimize pul geçirmek üçin, 0804 belgä şu gşrnüşde SMS habaryny ugratmaly: +9936XXXXXXX we boşluk soň summany görkezmeli. Meselem 25 manat ugratmak: +99363274440 25

MTS TM operatordan tölemek:
Öz hasabyňyzdan bizin hasap belgimize pul geçirmek üçin, şu USSD buýrugyny ýazmaly *113#biziň hasap belgimiz#summa# we telefonyň ýaşyl düwmesini basyp ugradyň. Meselem 25 manat ugratmak: *113#67729247#25#

Zakazyň statuslary

Zakaz statuslarynyň kömegi bilen öz zakazyňyzyň ýagdaýyny yzarla bilersiňiz!

Zakazyň statusyny görmek üçin

1. Şahsy otagyňyza giriň we "Meniň zakazlarym" bölüminden "Zakazlaryň taryhy" sahypasyna geçiň.
2. Gerekli bolan zakazy açyp, statusyny görmek üçin, zakazyň sag tarapyndaky gyzylja düwmä (göz şekilli) basyň.
3. Bu sahypada siz zakaz barada doly maglumaty, zakazyň statuslaryny we kommentariýalary görüp bilersiňiz.


Statuslaryň düşündirilişi

"Zakaz garaşykda" – Zakazyňyz bize ugradyldy ýöne, biz häli kabul etmedik
Bu zakazyň başyndan goýulýan 1-nji status

"Zakaz kabul edildi" - biz Siziň zakazyňyzy kabul etdik we işläp başladyk
Zakaz barada maglumaty sms/e-mail habarynda kabul edersiňiz

"Zakaz tassyklanyldy" - Siz zakazy we eltip berilmeli salgyny tassykladyňyz
Biziň menejerimiz size jaň etdi we siz zakazy we eltip berilmeli salgyny tassykladyňyz

"Zakaz işlenilýär" – biz siziň zakazyňyzy ýerine ýetirmäge başladyk
Siziň zakazyňyz ugradylmaga ýa-da dükanda tabşyrmaga taýýarlanylýar. Siz sms/e-mail habar alarsyňyz

"Zakaz eltip berilýär" - Kurýerimiz görkezilen salga zakazy eltip bermäge ugrady
Bu statusda zakazyňyzy size tabşyrmak ýagny, zakazda görkezen salgyňyzy eltip berýäris. Siz sms/e-mail habar alarsyňyz

"Zakaz alyp gitmäge taýýar" - zakazyňyzy dükana gelip, alyp gidip bilersiňiz
Harydy kabul edip almak üçin gerekli bolan dokument sms/e-mail habarda ýazylar

"Zakaz tabşyryldy" - Söwdaňyz üçin sag boluň! Ýene gelmegiňize garaşýarys!

"Zakaz müşderä tabşyrylmady"eltip berilmeli güni, haýsydyr bir sebäplere göra zakazy size tabşyryp bilmedik
Bu status diňe eltip bermek hyzmatyna degişli. Her hili sebäplere göra zakaz size tabşyrylmady, meselem: öýde adam ýok, siz bilen habarlaşyp bilmedik. Şular ýaly ýagdaýda zakazyňyz yzyna gaýdýar we siz bilen täzeden eltip bermek hyzmaty barada habarlaşylýar

"Müşderi zakazy ýatyrdy-  Biz sizden harydy ýatyrmak barada habar aldyk we haryt ýatyryldy
Zakazyň ýatyrylandygy barada siz sms/e-mail habar alarsyňyz. Eger-de siz zakazy ýatyrmadyk bolsaňyz biz bilen gysaagly habarlaşyň

"Zakazyň saklanmak wagty geçdi" - Zakazyňyz dükanda bellenilen güne çenli garaşykda durdy, ýöne hiç kim gelip almady
Bu status diňe zakazy gelip alyp gitmek usulyna degişli. Biz zakazy zakaz edilen gününden soň 7 gün saklaýarys, ondan soň zakaz ýatyrylýar. Zakazy wagty geçenligi barada sms/e-mail habar alarsyňyz

"Zakaz ýatyrylan" – biz siz bilen habarlaşyp zakazy tassyklap bilmedik
Bu status haçanda siziň görkezen telefon belgiňiz işlemedik ýagdaýynda, siz bilen habarlaşyp bilmedik ýagdaýymyzda ulanylýar

"Zakaz üýtgedildi" – zakazyňyz üýtgedildi
Bu status eger-de siziň zakazyňyzda üýtgeşmeler bolan bolsa ulanylýar.

"Zakaz kabul edildi" – biz tölegiňizi kabul etdik
Bu status diňe “Telefon hasabyndan tölemek” töleg görnüşinde töleg kabul edilenden soň goýulýar